Türk we Rus Türgenler Russiýanyň Soçi Şäherinden Giresuna Çenli Ýüzer

10 türk bilen 3 rus türgen, 13-nji iýunda saglygy goraýyş işgärleri üçin ýüzer

1652940
Türk we Rus Türgenler Russiýanyň Soçi Şäherinden Giresuna Çenli Ýüzer

 

Türk we rus türgenler, saglygy goraýyş işgärlerine goldaw bermek üçin Russiýanyň Soçi şäherinden Giresuna çenli ýüzer.

Sputnigiň berýän habaryna görä, Açyk Suw ýüzme marafonynda, 10 türk bilen 3 rus türgen, 13-nji iýunda saglygy goraýyş işgärleri üçin ýüzer.

Türgenler Soçiden başlap Garadeňizde 110 sagadyň dowamynda 320 kilometrlik aralygy ýüzüp Giresun şäherine çenli geler.

Ozalky Döwlet ministri Kürşat Tüzmen hem ýurtlaryň arasyndaky dostlugyna üns çekiljek marafona gatnaşar.



Degişli Habarlar