Aýdynda 13-nji Asyrdan Galan Gonamçylyklar Tapyldy

Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabynda 13-nji asyra degişli gonamçylyklar we adamlaryň süňkleri tapyldy

1635290
Aýdynda 13-nji Asyrdan Galan Gonamçylyklar Tapyldy

Aýdynyň Arheologiýa muzeýiniň başlangyjy boýunça Kuşadasy etrabynda antiki döwürdäki ady “Anaia” bolan Kadykalesi ýadygärliginde gazuw agtaryş işleri dowam edýär.

Gazuw agtaryş işlerinde 8 asyrlyk kerpiç we çerepisa bölekleriniň hay bilen müň ýyllyk gonamçylyklar we adamlaryň süňkleri tapyldy.

Şu günki güne çenli 400 gonamçylyk tapylan Kadykalesinde geçirilen soňky gazuw agtaryş işlerinde ýene-de 5 gubyr tapyldy.

Esasanda süňleriň analizinde tapylan ähli gubyrlardaky ortaça ýaş 40-50 hökmünde kesgitlendi.

Bilermenler ortaça ýaşyň aşak bolmagyny iýmitlenme, saglyk üpjünçiliklerinden peýdalanma we bejergi usullarynyň ýokary bolmandygy bilen düşündirýär.

Aýdynyň Arheologiýa muzeýinin Müdiri Abdulbari Ýyldyz, tapylan 400 gubyryň 13-nji asyra degişlidigini kesgitländiklerini aýtdy.

 



Degişli Habarlar