Meksikada Maýa siwilizasiýasyna degişli bolan gowak tapyldy
Meksikada ýüze çykarylan gowaklaryň birinde Maýa siwilizasiýasyndan galan adamlaryň elleriniň yzlary tapyldy
Şu günki günden takmynan 1200 ýyl ozala degişli bolan elleriň yzlarynyň aglabasynyň çagalara degişlidigi aýan edildi.
Meksikanyň Ýukatan ýarymadasynyň demirgazyk böleginde tapylan gowak ýeriň 10 metr aşagynda ýerleşýär.
Gowakda ýüze çykarylan täze tapyndy bolsa diwarlardaky gara, gyzyl we çal reňklerdäki 137 sany elleriň yzy.
1200 ýyl ozala degişli bolan el yzlarynyň aglabasy ýetginjek ýaşa ýeten çagalara degişlidigi anyklandy.
Maýa siwilizasiýasynda gara reňk ölümi, gyzyl reňk bolsa söweşi ýa-da ýaşaýyşy alamatlandyrýar.
Maýa siwilizasiýasy 1500-nji ýyllaryň başynda materige baran ispaniýalylar tarapyndan ýumruldy.
Maýalaryň nebereleri häzirki wagtda hem Meksikanyň günorta-gündogary bilen Gwatemala we Beliz döwletlerinde ýaşaýar.
Degişli Habarlar
Türkiýäniň Radio-Telewideniýe Guramasy Sylaglandy
TRT halkara “Telly Awardsda” “Habar we maglumat” ugry boýunça “Gümüş Telly” baýragyna laýyk görüldi.