Türkiýe rus syýahatçylaryň üns merkezinde bolmagynda galýar

Türkiýede koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde ozal kabul edilen käbir çäklendirmeleriň aýrylmagy, ruslaryň Türkiýede dynç almak talabyny artdyrdy

1595203
Türkiýe rus syýahatçylaryň üns merkezinde bolmagynda galýar

Russiýanyň Tur operatorlar bileleşigi ATOR tarapyndan berilen beýanatda, Türkiýäniň syýahatçylyk welaýatlarynda kafeleriň we restoranlaryň birnäçe wagt ozal açylandygy, hepdäň ahyrky günleri üçin ozal kabul edilen çäklendirmeleriň bolsa bölekleýin häsýetde bes edilendigi mälim edildi. 

Çäklendirmeleriň bölekleýin häsýetde aýrylmagynyň, rus syýahatçylaryň Türkiýede dynç almak islegine oňyn täsir ýetirendigi bellenen beýanatda: "Pudagyň wekilleri çäklendirmeleriň bölekleýin häsýetde hem bolsa aýrylmagynyň Türkiýä satylýan tur satuwlaryna oňyn häsýetde täsir ýetirendigini beýan edýärler" diýip habar berildi. 

Türkiýe bilen bagly talabyň ýaz-tomus möwsümi üçin oňyn görkezijiler eýe bolmaga başlanandygy bellenen beýanatda, tomus möwsüminde Türkiýä gelişlerde Kowid-19 testiniň mejburylygynyň ortadan aýrylan halatynda syýahatçylaryň sanynda artyşyň boljakdygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar