Tokionyň Olimpiada we Paralimpik Oýunlarynyň Guramaçylyk Toparynyň Başlygy Wezipesinden Çekildi

Guramaçylyk toparynyň başlygy Mori Ýoşiro zenanlar hakyndaky sözlerine görkezilýän garşylygyň barha güýçlenmegi sebäpli wezipesinden çekilmeli boldy

1582322
Tokionyň Olimpiada we Paralimpik Oýunlarynyň Guramaçylyk Toparynyň Başlygy Wezipesinden Çekildi

Geçiren metbugat ýygnagynda çykyş eden Mori Ýoşiro “zenanlaryň gatnaşýan maslahatlarynyň uzak dowam edýändigi” barady sözleriniň garşylyk döretmeginden son 2014-nji ýyldan bäri ýerine ýetirýän Guramaçylyk toparynyň başlyklygyndan çekilýändigini beýan etdi.

Mori iýul aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän turniriň geçirilmegini tama edýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

“Kiodo” gullugynyň habar bermegine görä Morinin ýerine Ýaponiýanyň Olimpiadalarynyň Başlygy Haşimoto Seikonyň bellenjekdigi mälim edildi.

Mori geçen hepde Ýaponiýanyn Olimpiada toparynyň onlaýn maslahatynda Ýaponiýanyň Olimpiada toparynyň dolandyryjylar geňeşindäki zenan agzalaryň sanynyň 40 göterime çenli artdyrylmagy hakynda “Kimdir biri mana “Eger-de zenanlaryň sanyny artdyrsak çykyş etme möhletleri çäklendirilmeli” diýipdi. Şeýle bolman halatynda köp wagt gerek bolýar” diýipdi.

Mpri şol çykyşyndan soň “Ünssizlik bilen aýdylan söz we gynanç bildirýärin. Zenanlary alalama niýetim ýokdy” diýipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar