Prezident Erdogan muzeýleriň abatlaýyş işleriniň tamamlanmagy bilen bagly geçirilen dabara gatnaşdy
Erdogan: "Milletimizi şahasyndan gopan bir ýaprak ýaly global täsirleriň öňünde sowurmak isleýänlere meýdany boş goýmarys" diýdi
Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Tunjeli muzeýiniň, Konýa Akşehr Daş eserler muzeýiniň we Bursa Türk-Yslam muzeýiniň abatlaýyş işleriniň tamamlanmagy bilen bagly geçirilen dabara göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşyp ol ýerde çykyş etdi.
Prezident Erdogan, geçmişdäki kemçilikleriň öwezini dolmak bilen birlikde geçmişden gelejege guran köprüleri bilen millete täp-täze bir gelejek gurmak üçin gije-gündiz zähmet çekýändiklerini we göreş alyp barýandyklaryny habar berdi.
"Hökümetiň başyna geçenimizden bäri ýurdumyzyň demokratiýasyna we galkynyşyna örän uly goşantlar goşdyk, emma medeniýet we sungat bilen bagly dawalarda şonça ýoly geçmänligimize gynanýarys" diýip bellän Erdogan: "Milletimizi şahasyndan gopan bir ýaprak ýaly global täsirleriň öňünde sowurmak isleýänlere meýdany boş goýmarys" diýip belledi.
Degişli Habarlar
Kruiz Gämileri Marmarise Gelmäge Dowam Edýär
Gäminiň esasy bölegi britaniýaly 1800 ýolagçysy bilen 1100 ekipažy bar.