Bakuda we Saraýewoda Türkiýäniň baýdagy şöhlelendirildi
Bosniýa-Gersegowinanyň paýtagty Saraýewo şäherinde bolsa taryhy Wýeçnisa kitaphanasynda, Türkiýäniň baýdagy şöhlelendirildi
Azerbaýjanyň paýtagty Bakunyň täze binagärçilik simwollaryndan biri bolan Haýdar Aliýew Merkezi bilen Bakunyň Olimpiýa stadionynyň daşary tarapyndan Türkiýäniň baýdagy şöhlelendirildi.
29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli Türkiýäniň baýdagy şöhlelendirilen Baku Olimpiýa stadionynda we Haýdar Aliýew merkezinde türk aýdym-sazlary ýaňlandy.
Haýdar Aliýew merkeziniň daşary tarapynda Türkiýäniň baýdagynyň şöhelendirilmegini Türkiýäniň Baku şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Erkan Özoral hem tomaşa etdi.
Erkan Özoral metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň "Iki döwlet, bir millet" hökmünde hem şatlyklaryny hem-de gam-gussalaryny paýlaşýan iki ýurtdugyny belledi.
Bosniýa-Gersegowinanyň paýtagty Saraýewo şäherinde bolsa taryhy Wýeçnisa kitaphanasynda, Türkiýäniň baýdagy şöhlelendirildi.
Saraýewonyň iň möhüm simwollaryndan biri bolan gadymy Wýeçnisa kitaphanasyna 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli Türkiýäniň baýdagy şöhlelendirildi.
Degişli Habarlar
Türkiýäniň Radio-Telewideniýe Guramasy Sylaglandy
TRT halkara “Telly Awardsda” “Habar we maglumat” ugry boýunça “Gümüş Telly” baýragyna laýyk görüldi.