Türk Režisýory Italiýada Ýörite Baýraga Laýyk Görüldi

Italiýada ýaşaýan türk režisýory Ferzan Özpetek İtaliýan Ýazyjylar we Neşirýatçylar Jemgyýetiniň “Ýörite baýragyna” laýyk görüldi

1484793
Türk Režisýory Italiýada Ýörite Baýraga Laýyk Görüldi

77-nji Halkara Wenesiýa film festiwalynyň çäginde geçirilen çarede jemgyýetiň däbe öwrülen baýrak gowşurlyş dabarasy geçirildi.

Dabarada italian kinosynyň täze klassikasy atlandyrylýan Özpetegiň 20 ýyldan bäri durmuşy dürli taraplardan suratlandyrýandygy we Türkiýeden getirenleri bilen ýaşaan jemgyýetine goşnt goşýan ýazyjy hem-de režisýor bolmagy sebäpli İtaliýan Ýazyjylar we Neşirýatçylar Jemgyýetiniň baýragyna laýyk görülendigi beýan edildi.

Özpetek ozal Marko Belloçhio, Paolo Sorrentino ýaly meşhur režisýorlaryň laýyk görülen baýraklaryny aldy.

Režisýor Özpetek dabaradan soň beren beýannamasynda kino, teatr, kitap ýaly ençeme eserleri mynasybetli şu baýraga laýyk görülendigini aýdyp: “Şeýle gowy duýgy baýrak almak. Meni bagtyýar etdi, buýsandym” diýdi.



Degişli Habarlar