Ministr Ersoý: "15 million syýahatçy sanyna ýeteris" diýdi

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, howa ýollarynda oňaýsyz şertler döremese, ýylyň ahyryna çenli 15 million syýahatçy sanyna ýetjekdiklerini mälim etdi

1478291
Ministr Ersoý: "15 million syýahatçy sanyna ýeteris" diýdi

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, hususy kanallaryň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi. 

Türkiýede 1-nji iýundan başlap koronawirus epidemiýasyna garşy görülen çäreler bilen syýahatçylygyň ýaňadandan hereketlenmäge başlandygyny aýdan Ersoý: "Howa ýollarynda oňaýsyz şertler döremese, ýylyň ahyryna çenli 15 million syýahatçy sanyna ýeteris, girdeji taýdan bolsa şu ýyl 11 milliard dollarlyk syýahatçylyk girdejisinden geçeris" diýip belledi. 

Iýul aýynyň ahyryna çenli 6,5 million syýahatçy synyna ýetendiklerini aýdan Ersoý: "Awgust-sentýabr-oktýabr aýlary bilen baglanşykly simulýasiýa etdik. Şoňa laýyklykda syýahatçylyk möwsüminiň möhlediniň uzamagy göz öňünde tutulýar. Möwsüm giýç başlady, emma giýjiräk gutarmagyna garaşylýar" diýip nygtady. 

Dolylyk derejesi barada hem beýanat beren Ersoý: "50 göterimden geçmegi göz öňünde tutulýar" diýip habar berdi. 

Ministr Ersoý Syýahatçylyk pudagynyň 2021-nji ýyldaky maksatnamalary bilen baglanşykly bolsa: "2021-nji ýyldaky möhletinden irki rezerwasiýalar näme sebäpli ir başlady diýsek, 2020-nji ýylda epidemiýa sebäpli aladalanan syýahatçylar, rezerwasiýasyny goý bolsun etmegiň ýerine 2021-nji ýyla süýşürdi. Şol sebäpli 2021-nji ýylda has köp rezerwasiýa bar" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar