“ArtAnkara” 6-njy Döwrebap sungat sergisi açyldy
Sergä ýerli we daşary ýurtly 125 sungat galareýasy gatnaşýar
Ankaranyň “Kongresium” maslahatlar we sergi merkezinde geçirilen açylyş dabarasynda çykyş eden şäher häkimi Mansur Ýawaş, dürli ýurtlardan köp sanly sungat ussadyny we dürli sungat ekollaryny özünde jemleýän serginiň özünde uly täsir galdyrandygyny beýan etdi.
Ýawaş Ankarany sungatyň hem paýtagtyna öwürmegi maksat edinýändiklerini nygtady.
Serginiň däbe öwrülen “Abraý baýraklary” hem eýelerine gowşuryldy.
Türkiýäniň dürli welaýatlaryndan we daşary ýurtlardan galareýalary, muzeýleri we sungat birleşmelerini jemlän “ArtAnkara” 15-nji marta çenli Türkiýe wagty boýunça sagat 10-20 aralygynda gezilip bilner.
Degişli Habarlar
Göreme Muzeýine 275 Müň 705 Adam Gelip Gördi
Newşehirdäki Göreme açyk howa muzeýi buthanalary we manastyrlary bilen ýakyndan tanalýar.