Imran Han “Direliş Ärtogrulyň” ýaýlyma berilmegini isledi

Pakistanyň Premýer ministri Imran Han döwlet teleýaýlymy PTW-de “Direliş Ärtogrul” serialynyň ýaýlyma berilmegini talap etdi

1318094
Imran Han “Direliş Ärtogrulyň” ýaýlyma berilmegini isledi

“Arab Nýus” ýaýlymyna beýanat beren Pakistanyň Ýaýlymlar we maglumatlar ministri Firdews Aşyk Awan sosial, medeni we dini gymmatlyklary gorap saklamak üçin çykarylýan düzgünnamalara laýyklykda Premýer ministr Imran Hanyň döwlet teleýaýlymy PTW-de “Direliş Ärtogrul” serialynyň ýaýlyma berilmegini talap edendigini aýtdy.

Urdu dilinde dublýaž bilen PTW-de görkeziljek serialyň yslam taryhynyň ýaşlar tarapyndan öwrenilmegine goşant goşjakdygyny nygtap: “Musulman dünýäsiniň öz gymmatlyklarynyň we taryhy geçmişiniň bardygyna garamazdan biz hemizem günbataryň seriallaryna tomaşa edýäris” diýdi.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyndan agza ýurtlaryň arasynda sosial we medeni gatnaşykary ösdürmek maksady bilen media pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşandyklaryny aýdan Awan, bu ugurda ediljek başlangyçlara aýratyn gyzyklanma bildirýandiklerini we onuň şol bir wagtda günbatar ýurtlaryndaky yslam düşünjesini üýtgetmek taýdan peýdaly bolandygyny nygtady.

Awan teleýaýlymlaryň we kino-filmleriň İslamafobiýa garşy göreş taýdan hem netijeli usullardan biridigini beýan etdi.



Degişli Habarlar