Koningsdam gämisi 3100 syýahatçysy bilen Kuşadasyna geldi

Uzynlygy 296, ini 38 metr we agyrlyğy 99 müň 500 grostonna bolan gäminiň 3100 ýolagçysy we 1200 ekipažy bar.

1252964
Koningsdam gämisi 3100 syýahatçysy bilen Kuşadasyna geldi

Gollandiýanyň baýdagyny göterýän kruiz gämisi 3100 syýahatçysy bilen Kuşadasyna geldi

Ertiriň irki sagatlarynda Ege portuna gelen Koningsdam gämisi halk tanslary topary tarapyndan garşylandy

Uzynlygy 296, ini 38 metr we agyrlyğy 99 müň 500 grostonna bolan gäminiň 3100 ýolagçysy we 1200 ekipažy bar.

Esasy bölegi Amerikaly bolan syýahatçylaryň bir bölegi awtobuslar bilen zmiriň Selçuk etrabynda ýerleşýän gadymy Efes şäherine we Bibi Merýemiň öýüne baryp gördi.

Koningsdam gämisiniň dünýäniň iň uly gämilerinden biridigini aýdan Ege portunyň baş müdüri Aziz Güngür, gäminiň möwsümiň ahyryna çenli ýene-de iki gezek geljekdigini belledi.

 

 


Etiketkalar: #gämi , #syýahatçylyk , #kruiz

Degişli Habarlar