Žennifer Lopez Antalýada konsert berdi

Lopez birnäçe ýyl soň ýaňadandan Türkiýä gelmegine begenendigini aýtdy

1249331
Žennifer Lopez Antalýada konsert berdi

2,500 adamyň tomaşa eden we 2 sagat dowam eden koserte köp sanly meşhur adamlar bilen Antalýasport komandasynyň futbolçylary, ýolbaşçylary we gollandiýaly ozalky futbolçy Klarens Sidorf hem gatnaşdy.

Lopez täze aýdymy “Medisine” bilen “On The Floor”, “Aint İt Funni”, “Lowe Dont Kost a Thing” ýaly meşhur aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Tanslary we sahnadaky egin-eşikleri bilen ünsleri özünde jemlän Lopez, gyzy Emme Antoni bilen bir aýdymyny bilelikde aýtdy.

Žennifer Lopeziň ýörite dizaýn edilen sahnasynyň Yspartada ösdürilýän ak güller bilen bezelendigi habar berildi.



Degişli Habarlar