Pamukkale 6 aýda 1 million adam geldi

Pamukkale gelýän ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar, trawertenlerde ýöremäge we şypaly suwlara girmäge höwes bildirýär

1230158
Pamukkale 6 aýda 1 million adam geldi

 

UNESCO-nyň Dünýäniň Medeni miras sanawynda ýer alýan Pamukkale üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 1 million adam gezip gördi

Deňsiz taýsyz gözellikdäki trawertenleri, şypaly suwlary we daş-töweregindäki gadymy heýkelleri bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän  we “Ak jennet” hökmünde atlandyrlan Pamukkale gelýän syýahatçylaryň sany gün saýyn köpelýär

Pamukkale gelýän ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar, trawertenlerde ýöremäge we şypaly suwlara girmäge höwes bildirýär.

Denizli syýahatçylyk jemgyýetiniň başlygy Gazi Murat, şu ýyl syýahatçylyk möwsüminiň bereketli geçýändigini nygtady.

Gazi Murat “Üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda ak jennete gelen syýahatçylaryň sany 1 milliondan geçdi. Geçen ýylyň degişli döwründe ak jenneti görmäge 780 müň adam gelipdi. Syýahatçy sanymyz 23 göterim artdy. Ýylyň ahyryna çenli 3 million syýahatçynyň gelmegine garaşýarys” diýdi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #jennet , #şypahana , #Pamukkale

Degişli Habarlar