Galatasaraý Türkiýäniň Super ligasynyň çempiony boldy
Galatasaraý şeýlelik bilen öz futbol taryhyndaky 22-nji çemiponlygyny yglan etdi
1204185
Sport Toto Super ligasynyň 33-nji hepdesinde Galatasaraý futbol komandasy, öz meýdançasynda Başakşehir futbol komandasyndan 2-1 hasabynda üstün çykyp, liganyň tamamlanmagyna 1 hepde galanda öz çempionlygyny yglan etdi.
Galatasaraý şeýlelik bilen öz futbol taryhyndaky 22-nji çemiponlygyny yglan etdi.
Türk Telekom stadionynda geçirilen duşuşykda Galatasaraýa çempionlyk getiren gollary 47-nji minutda Feghouli, 64-nji minutda bolsa Onýekuru garşydaş toparyň derwezesine geçiren bolsalar, Başakşehiriň ýeke täk goluny 17-nji minutda Bažiç tarapyndan geçirildi.
Bu netije bilen liganyň 33-nji hepdesinde Galatasaraý balyny 69-a ýetirip, 2018-2019 futbol möwsüminiň çempiony boldy.
Başakşehir bolsa 2-1-lyk ýeňilişden soň 66 balda galdy.