Pakistanda “Rumy Çagyrýar” atly maslahat geçirildi

Pakistandaky Milli döwrebap diller uniwersitetiniň Türk dili bölümi “Rumy Çagyrýar” atly ylmy-amaly maslahat geçirdi

1193759
Pakistanda “Rumy Çagyrýar” atly maslahat geçirildi

Maslahata Türkiýäniň Pakistandaky İlçisi İhsan Mustafa Ýurdakul, uniwersitetiniň Rektory Ziýauddin Nažam, uniwersitetiniň Türk dili bölüminiň ýolbaşçysy Nur Ýasemin Rahoožo bilen köp sanly alymlar we talyplar gatnaşdylar.

Möwlananyň bitewilik, ylahy yşk we söýgi düşünjesi boýunça çykyş eden Aziz Ali Nažam we Hümeýra Maslihuddinden soň Türk dili bölüminiň mugallymlary Şahabettin Dalar türk sufi sazlaryny ýerine ýetirdi.

Maslahatda Möwlana Jelaleddin Rumynyň Mesnewisinden bentleri okadylar.

Türkiýäniň Pakistandaky İlçisi İhsan Mustafa Ýurdakul bolsa Türkiýäniň Möwlana ýaly gymmatlyga eýe bolmagynyň uly bagtyýarlykdygyny aýtdy.



Degişli Habarlar