Bütindünýä Ralli çempionaty Meksikada geçirildi

Bütindünýä Ralli çempionatynyň 3-nji tapgyry Meksikanyň ýer eýeçilik etmeginde geçirildi

1160657
Bütindünýä Ralli çempionaty Meksikada geçirildi

21 etapdan ybarat 314 kilometrlik uzaynlygyndaky ýaryşda Sebastian Ogier 1-nji boldy.

Fransuz sürüji bu ýaryşy 3 sagat 37 minut 8 sekuntda tamamlady.

Sitroen Total toparynyň adyndan bäsleşen Ogier, bu netije bilen karýerasynyň 46-njy ýeňişini gazandy.

Toýota Gazoo toparynyň estoniýaly sürüjisi Ott Tanak, lideriň 30,2 sekunt yzyndan gelip 2-nji boldy, M-Sport Ford toparynyň Beýik Britaniýaly sürüjisi Elfin Ewans bolsa Ogierden 49,9 sekunt soň gelip 3-nji boldy.

Bütindünýä Ralli çempionatynyň 4-nji tapgyry, 28-31-nji mart aralygynda Fransiýada geçiriler.
 


Etiketkalar: #ralli , #Meksika

Degişli Habarlar