Belgratda “3T-Trio” çäresi geçirildi

Serbiýanyň paýtagty Belgratdaky Ýunus Emre İnstitutynda “3T-Trio; Türk dili, Türk medeniýeti we Türk aşhanasy” temaly çäre geçirildi

1157827
Belgratda “3T-Trio” çäresi geçirildi

“3T-Trio” çäresiniň birinji bölüminde Türkiýedäki we Serbiýadaky toý däpleriniň umumy aýratynlyklary gürrüň berildi.

Türkiýäniň Serbiýadaky İlçisi Tanju Bilgijiň gatnaşmagyndaky çärede iki ýurduň toý däpleri barada çykyşlar edildi.

Toý däpleri barada görkezilen wiorolikde Türkiýedäki we Serbiýadaky toýlarda hyna agşamy we geline gyzyl toý bagynyň dakylmagynyň iki ýurtda-da birmeňzeşdigi nygtaldy.

Çärä gatnaşanlar şeýle-de türk aşhanasynda palaw we baklawa ýaly milli tagamlar dadyp gördüler.



Degişli Habarlar