Yslam Hyzmatdaşlyk Guramaynyň ilkinji festiwaly Müsürde başlady

Döwürleýin başlyklygy Türkiýe tarapyndan ýerine ýetirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen guran festiwaly Müsürde açyldy

1139938
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramaynyň ilkinji festiwaly Müsürde başlady

Paýtagt Kairiň opera binasynda “Bir ummat, köp medeniýet, Palestina köňlümizde” temasy bilen açylan festiwalda 5 günüň dowamynda syýasat we medeni ugurlarda köp sanly ylmy-amaly maslahatyň ýany bilen sergiler, folklor çykyşlary ýaly çäreler geçiriler.

Festiwalyň açylyş dabarasynda çykyş eden Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş Sekretary Ýusuf Al Osaýmin guramanyň ilkinji festiwaly bolan çäräniň agza ýurtlaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi maksady bilen guralandygyny aýtdy.

Osaýmin musulman dünýäsiniň esasy meselesi bolan Palestina gowgasynyň festiwalyň temalaryndan biridigini nygtady.



Degişli Habarlar