Ankara Hindistanyň tagamlarynyň günleri açyldy

Hindistanyň Türkiýedäki İlçihanasy tarapyndan guralan we 2-nji fewrala çenli dowam etjek Hindistanyň Tagamlarynyň günleri Ankarada açyldy

1134927
Ankara Hindistanyň tagamlarynyň günleri açyldy
hint yemekleri.jpg

Hindistanyň Türkiýedäki İkçisi Battaçariýanyň guramagynda we hindi medeniýetiniň wegan we wehetarian tagamlarynyň tanyşdyrylýan çäresine diplomatik wekiller, Ankaradaky hindi jemagatynyň wekilleri we myhmanlar gatnaşdylar.

İlçi Battaçariýa dabarada sözlän sözünde: “Şu gün iňňän möhüm çärelerimizden birini açýarys. Çünki şu gün Gandi menýusy bar. Başga bir söz bilen aýdylanda ähli tagamlar wegetarian. Sebäbi Mahatma Gandi wegetariandy” diýdi.

Çäräniň dowamynda Hindistanyň medeni öwgüşginliklerini beýan edýän tagamlaryň görnüşleriniň myhmanlara hödürlenjekdigini gürrüň beren Battaçariýa: “Mälim bolşy ýaly Hindistan bilen Türkiýäniň arasynda taryhy gatnaşyklar bar. Müňlerçe ýyl ozal hoşboý ysly otlary çalşardyk. Hepdäniň dowamynda gadymy däbi ýaňadandan dikeltmegi arzuw edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar