Mardin 2018-nji ýylda 3 million syýahatça gujak açdy

Mardin şu ýylyň 11 aýynda takmynan 3 million syýahatçyny kabul etdi

1110119
Mardin 2018-nji ýylda 3 million syýahatça gujak açdy

UNESCO-nyň Bütindünýä Miras sanawyna dalaşgär bolan şäherde dynç alýan myhmanlar, Mardin galasyna we daşdan gurulan öýleri bilen birlikde, din syýahatçylygynyň çäginde Muhammet Pygamberiň aýak yzynyň ýerleşýän ýeri bolan Sitti Radwiýe medresesine, Muhammet Pygamberiň sakgalynyň saklanýan ýeri bolan Uly metjide, Zinjiriýe we Kasymiýe diýilen ýerlere gezelenç edýärler.

Turistler mundan başgada, hristian dininiň agzasy bolan suriýaniler tarapyndan mukaddes hökmünde kabul edilýän Turabdin dagyndaky Melewşe Gabriel monastyry bilen Merýen Ebe ybadathanasyna, Kyrklar ybadathanasyna, Deýrulzafran monastyryna, Melewşe Ýakup monastyryna we Melewşe Dimet monastyryna zyýarat edip, taryha syýahat edýärler.



Degişli Habarlar