Türk seriallary Ýewropada birinji orny eýeleýär

Dünýä boýunça serial eksportynyň 25 göterimini emele getirýän türk seriallary Ýewropada birinji orunda durýar

1091291
Türk seriallary Ýewropada birinji orny eýeleýär

Bu barada Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nuri Ersoý beýan betdi.

Nuri Ersoý ministrliginiň 2019-njy ýyldaky býujeti boýunça Mejlisiň Maksatnamalar we býujet toparynda millet wekilleriniň soraglaryna jogap berdi.

Kino-film pudagy boýunça soraglara jogap beren Ersoý, ministrlik tarapyndan pudaga berilýän goldawlar bilen 2002-nji ýylda 9 sany bolan ýerli film sanynyň 2017-nji ýylda 148-e ýetendigini, 2 milliona barabar bolan ýerli film tomaşaçasynyň sanynyň bolsa 40 milliondan geçendigini aýtdy.

Türkiýäniň 56 göterime barabar bolan ýerli filme tomaşa etme mukdary bilen Ýewropada birinji orny eýeleýändigini nygtan Ersoý; “Seriallarymyz 156 ýurda eksport edilýär. Bütin dünýädäki tele önüm eksportynyň 25 göterimi türk seriallaryndan ybarat. Şu mukdar bilen ýurdumyz dünýäde birinji orunda durýar” diýdi.

 


Etiketkalar: #kino-film , #seriýal , #türk

Degişli Habarlar