Buse Tosun altyn medal aldy

Prezident Erdogan Buse Tosuny gazanan üstünligi bilen gutlady

Buse Tosun altyn medal aldy

Ruminiýada geçirilen 23 ýaşyna ýetmedikleriň Bütin dünýä göreş çempionadynda zenan milli ýygyndy  göreş komandasynyň türgeni Buse Tosun altyn medal aldy.

Paýtagt Buharestde geçirlen çempionatda 72 kilogram agyrlykda bäsleşen Buse Tosun ruminiýaly bäsdeşi Aleksandra Nikoletany 10-0 hasaby bilen ýeňmegi başardy we altyn medalyň eýesi boldy.

Zenan milli ýygyndy göreş komandasy çempionady 1 altyn we 1 kümüş medal bilen tamamlady.

Beýleki tarapdan Prezident R. T. Erdogan altyn medal alan Buse Tosuny gazanan üstünligi bilen gutlady.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar