TRT guramasy ýene-de 8 sylaga laýyk görüldi
Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasynyň kanallary biri-birinden üýtgeşik ýaýlymlary bilen ýene-de gün tertibe geldi
Şu ýyl 2-nji gezek geçirilýän “Paýtagt Sylaglary” dabarasynda TRT 8 aýry sylaga laýyk görüldi.
Ankara şäherinde Gyzyl Türk we Media Sesiniň hyzmatdaşlyk etmeginde geçirilen “Paýtagt Sylaglary” dabarasynda baýraklar eýelerine gowşuryldy.
TRT-niň tejribeli diktory Zafer Kiraz dabarada Iň gowy erkek habar alyp baryjysy sylagyny aldy.
Ýylyň Iň gowy zenan habar alyp baryjysy sylagyna Janan Ýener Reçber laýyk görüldi.
Ýylyň Iň gowy gije zenan habar alyp baryjysy sylagyna Oýa Eren laýyk görüldi.
TRT Sport kanalyndan Buket Sewinç Aýkyn Ýylyň iň gowy Sport alyp baryjysy sylagyny aldy.
Ýylyň iň gowy Parlament zenan alyp baryjysy sylagyna Handan Musaogly laýyk boldy.
TRT FM-den Hakan Urganjy bolsa Ýylyň iň gowy erkek radio alyp baryjysy, Goşa tarif bolsa gepleşigi bolsa Ýylyň iň gowy radio gepleşigi sylagyna laýyk görüldi.
Ýylyň Iň gowy aýdym-saz radio kanaly sylagy bolsa TRT Türkü radio kanalyna berildi.
Degişli Habarlar
Stambula 3 Aýda 3 Million 766 Müň 718 Syýahatçy Geldi
Stambul şäherine gelen syýahatçlaryň sany 8,22 göterim artdy.