Döwlet ýolbaşçylary Ara Güleriň aradan çykmagyna gynanç bildirýärler

Güleriň ýogalmagy sebäpli syýasat dünýäsinden köp sanda adam gynanç ýüzlenmelerini berýärler

1071215
Döwlet ýolbaşçylary Ara Güleriň aradan çykmagyna gynanç bildirýärler

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Ara Güleriň ýogalmagy sebäpli Ara Güler muzeýiniň müdüri Çagla Saraça jaň edip, gynanç bildirdi.

Erdogan özüni hem surata düşüren Ara Güleriň goýup giden eserleri bilen hemişe gowulykda hatyralanjakdygyny belledi.

Prezident Erdogan beýik bir sungat işgäri hökmünde görýän Ara Güler ussadynyň hemişe hormat bilen ýatlanjakdygyny nygtady.

Wise-prezident Fuat Oktaý sosial media hasabynyň üsti bilen ýazan gynanç ýüzlenmesinde Türkiýäniň üç gymmatlygyny ýitirendigini habar berdi.

Fuat Oktaý: “Suratlary bilen taryhy bellige alýan fotosurat sungadynyň ussat adamsy, duaýen metbugat işgäri we fotožurnalist Ara Güleri, şygyrlary bilen Anadoly adamsynyň sesi, Türk edebiýatynyň Ak Bürgüdi Bahaettin Karakoçy, türk syýasatyna uly hyzmatlar eden bilim adamy professor Oýa Akgönenji ýitirmegiň gynanjyny başymyzdan geçirýäris” diýip belledi.

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn: “Her ýaşynda netijeli, doly ömürli, edenli, sagatlarja, günlerje zähmet çekip ol pursady bellige alýan beýik ussadymyz aradan çykdy” diýip nygtady.

Adalat ministri Abdulhamit Gül: “Ruhy bilen bar bolan Ara Güleriň kadryndan Türkiýäni we adamlarymyzy görmek örän hezildi. Ýatan ýeriň ýagty bolsun” diýip belledi.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja: “Fotograf sungatynyň beýik duaýeni Ara Güleriň ýogalandygyny uly gynanç bilen öwrendim. Ara Güleriň maşgalasyna, muşdaklaryna we sungat dünýämize sabyr we gynanç bildirýärin” diýdi.

Oba-hojalyk we tokaýçylyk ministri Bekir Pakdemirli: “Ara Güler arkasynda ýaşlara nusga boljak ençeme eserler goýup, aramyzdan gitdi” diýdi.

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez: “Enjamy bilen ençeme zamanany ölümsizleşdirdi. Maşgalasyna we ähli haýranlaryna gynanç bildirýärin” diýdi.



Degişli Habarlar