Alpinistiň jesedi 26 ýyl soň tapyldy...

Birnäçe adamdan ybarat alpinistler topary, Hasan Tarymyň we dostlarynyň jesetlerini, dereksiz ýiten sebitde erän garlaryň aşagynda geçen ýylyň awgust aýynda tapypdy

1063315
Alpinistiň jesedi 26 ýyl soň tapyldy...

1992-nji ýylda daga çykmak üçin Fransiýanyň Alp daglaryna gidipdi.

Dostlary bilen birlikde dereksiz ýitipdi.

Jesedi 26 ýyl soň tapyldy.  

Birnäçe adamdan ybarat alpinistler topary, Hasan Tarymyň we dostlarynyň jesetlerini, dereksiz ýiten sebitde erän garlaryň aşagynda geçen ýylyň awgust aýynda tapypdy.

Öý salgysynyň üýtgemegi sebäpli Tarymyň maşgalasyny şu ýyl tapyp bilen nemes resmiler, DNK testi üçin ejesinden nusga aldylar.

Maşgalasy Hasan Tarymy kolýesinden tanady.

DNK testiniň netijesinde jesediň Hasan Taryma degişlidigi anyklandy.

Hasan Tarym Kaýseri welaýatynyň Saryz etrabynyň Kyrkysraklylar obasynda jaýlanar.


Etiketkalar: #alpinist , #jeset , #maşgala

Degişli Habarlar