Diriliş Ertugrul serialy Bosniýaly tomaşaçylardan ýokary baha aldy

Ýaňy ýakynda Bosniýa-Gersogowinada ýaýlyma berilmäge başlanan “Diriliş Ertugrul” serialyna uly gyzyklanma görkezilýär

1043033
Diriliş Ertugrul serialy Bosniýaly tomaşaçylardan ýokary baha aldy

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň iň köp tomaşa edilýän serialy, ýurduň iň uly kanallaryndan biri bolan “Haýat” telewideniýesinde “Ertugrul” ady bilen boşnak dilindäki ýazgysy bilen ýaýlyma berilýär.

Diriliş Ertugrul serialy ýaýlyma berlen ilkinji hepdesinde tomaşaçylardan ýokary baha aldy.

Ýaýlyma berilýän beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly Bosniýa-Gersogowinada hem tomaşaçynyň göwnünden turdy.

 

 

 


Etiketkalar: #TRT , #serial , #bosniýaly , #tomaşaçy

Degişli Habarlar