Zeýnep Ýetgil altyn medalyň eýesi boldy

1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal alan Türkiýe, komandalaryň sanawynda Russiýadan we Ukrainadan soň üçünji orny eýeledi

1025739
Zeýnep Ýetgil altyn medalyň eýesi boldy

Ýewropa Ýaşlar göreş çempionadynda bäsleşýän milli türgenlerden Zeýnep Ýetgil altyn, Asly Demir bolsa bürünç medalyň eýesi boldy.

Italiýanyň paýtagty Rimde geçirilýän çempionadyň bäşinji gününde zenanlaryň arasynda 53 kilogram agyrlykda bäsleşen Zeýnep Ýetgil final bäsleşiginde Azerbaýjanly Tatýana Waranswa bilen bäsleşdi.

Zeýnep Ýetgil bäsdeşini ýeňip Ýewropanyň çempiony boldy we altyn medalyň eýesi boldy.

65 kilogram agyrlykda bäsleşen Asly Demir hem wenger bäsdeşi Noemi Szabadosy 5-3 hasabynda ýeňip bürünç medalyň eýesi boldy.

Zenanlarda jemi 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal alan Türkiýe, komandalaryň sanawynda Russiýadan we Ukrainadan soň üçünji orny eýeledi.

 

 



Degişli Habarlar