Italiýada ogurlanan kartinalar tapyldy

Italiýanyň Žandarma güýçler Karabinerä kartinalaryň Turin şäherinde bir ammarda saklanýandygyny habar berdi

1016772
Italiýada ogurlanan kartinalar tapyldy

Italiýada Žandarma güýçleri geçen ýyl ogurlanan fransuz suratkeş Pierre Auguste Renoir bilen flamandly suratkeş Peter Paul Rubense degişli iki kartinany ele saldylar. 

Italiýanyň Žandarma güýçler Karabinerä kartinalaryň Turin şäherinde bir ammarda saklanýandygyny habar berdi. 

Karabineriniň sungat we eser kontrabandasyna garşy göreş bölümi kartinalary ýurdyň demirgazygyndaky Lombardiýa sebitinde ýerleşýän Monza şäherinde metbugata görkezdi.  

Resmiler kartinalaryň 2017-nji ýylda Monza şäherinde özlerini alyjy ýaly görkezen iki adam tarapyndan ogurlanandygyny öňe sürdiler. 

Ogrylaryň kartinalar üçin takmynan 30 million dollar tölejekdikleri bilen bagly ýasama şertnama gol çekendigini aýdan resmiler satyjylaryň ünslerini sowan ogrylaryň kartinalary alyp gaçandyklaryny habar berdiler. 

Waka bilen baglanşykly 8 adamyň göz tussaglygyndadygy mälim edildi. 

 


Etiketkalar: #kartina , #Italiýa

Degişli Habarlar