Kriştianu Ronaldo Ýuwentus futbol komandasyna geçdi

Ýuwentus futbol komandasy portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldony öz toparyna aldy

1013990
Kriştianu Ronaldo Ýuwentus futbol komandasyna geçdi

Turindäki Allianz stadionynda geçirilen metbugat ýygnagynda söz sözlän Ronaldo: “Bu klubda yz goýmak isleýärin. Her kim UEFA Çempionlar ligasyny gazanmak islär, emma biz ähli kuboklar üçin göreşeris. Ýuwentusyň gazanmagy üçin elimden gelenini ederin” diýdi.

Ispaniýanyň Real Madrid komandasyndan çykandygy üçin gynanmaýandygyny aýdan 33 ýaşyndaky futbolçy: “Futbol karýeramda täze bir sahypa açýaryn. Karýeramyň bu etabynda bular ýaly ajaýyp bir kluba gelendigime örän şat” diýdi.

Diňe futbolçy däl, eýsem adam hökmünde hem beýlekilere nusga bolmak isleýändigini aýdan Ronaldo: “Ýaşlara kömek etmek isleýärin. Karýeram üçin uly bir pursat. 4 ýyllyk şertnamam bar we bu toparyň täze ýeňişleri üçin has köp tagalla etmek isleýärin. Ýuwentus dünýäniň iň gowy klublarynyň biri, örän gowy başlyga we tälimçä eýe. Mundan başgada janköýerler hem gowy garşylady, olara hem köp minnetdarlygymy bildirýärin” diýdi.

Karýerasynda hiç wagt ýeňili saýlamandygyny aýdan Ronaldo: “Başarmagy söýýärin. Hemişe bolşy ýaly elimden gelen iň gowusyny edip, Ýuwentusyň taryhynda yz goýmak isläýrin” diýip belledi.



Degişli Habarlar