16 gürnüşli 60 müň ýarganada ýer eýeçiligini edýän Dupnisa gowagyna 25 müň syýahatçy geldi

Gowagy görmäge geljek syýahatçylaryň sanynyň 150 müňden geçmegine garaşylýar

994394
16 gürnüşli 60 müň ýarganada ýer eýeçiligini edýän Dupnisa gowagyna 25 müň syýahatçy geldi

 

Kyrklarelinde 16 gürnüşli 60 müň ýarganada ýer eýeçiligini edýän Dupnisa gowagyna 3 günde ýerli we daşary ýurtly 25 müň syýahatçy geldi.

Demirköý etrabynyň Sarpdere obasynda Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan abatlanan we 2003-nji ýylda ulanylmaga berlen Dupnisa gowagy resmi dynç alyş günlerinde we hepdäniň ahyrynda syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Iki gatly we üç bölümden ybarat gowak 16 görnüşli 60 müňe golaý ýarganada ýer eýeçiligini edýär.

Gowagy görmäge gelýän syýahatçylaryň sany hem gün saýyn artýar.

Görülmäge mynasyp ýerlerden biri bolan gowaga 3 günlük Oraza baýramy dynç alyşynda ýerli we daşary ýrutly 25 müň syýahatçy geldi.

Üstümizdäki ýylyň dowamynda gowagy görmäge geljek syýahatçylaryň sanynyň 150 müňden geçmegine garaşylýar.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar