Türkiýe 2-nji Ýewropa Fizika olimpiadasynda altyn medal aldy
Türkiýe 2-nji Ýewropa Fizika olimpiadasynda alan medallary bilen 3-nji ýeri eýeledi
Türkiýäniň adyndan Russiýada geçirlen 2-nji Ýewropa Fizika olimpiadasyna gatnaşan litseýli okuwçylar 1 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medalyň eýesi boldy.
TÜBITAK tarapyndan berlen ýazmaça beýanata görä, 2-nji Ýewropa Fizika olimpiadasy Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirildi.
Türkiýäniň adyndan olimpiada gatnaşan litseýli okuwçylar uly üstünlik gazandy.
Olimpiada gatnaşan Stambulyň Hususy Bahçeşehir litseýiniň okuwçylaryndan Jem Arda Tepe altyn medal, Alkyn Kaza we Ýunus Emre Parmaksyz kümüş medal, Bursa Nilüfer Stambul gymmatly kagyzlar biržasy litseýiniň okuwçysy Metin Ersin Aryjan bilen Stambulyň hususy Bahçeşehir litseýiniň okuwçysy Artun Baýer kümüş medal aldy.
Türkiýe 23 ýurtdan 115 okuwçynyň gatnaşmagynda geçirlen 2-nji Ýewropa Fizika olimpiadasynda alan medallary bilen 3-nji ýeri eýeledi.
Degişli Habarlar
Kruiz Gämileri Marmarise Gelmäge Dowam Edýär
Gäminiň esasy bölegi britaniýaly 1800 ýolagçysy bilen 1100 ekipažy bar.
“Star Legend” Kruiz Gämisi Bodruma Geldi
Gäminiň esasy bölegi amerikaly 283 ýolagçysy bilen 194 ekipažy bar.