Yrakda 28 ýyl soň futbol turniri geçiriler

Yrakda noýabr aýynda Pars aýlağynda Günbatar Aziýa Futbol Federasiýasynyň çempionaty geçiriler

975856
Yrakda 28 ýyl soň futbol turniri geçiriler

Turnir şol bir wagtda 1990-njy ýyllardan bäri ýurtda geçiriljek ilkinji halkara turnir.

Yragyň ýolbaşçylary ýekşenbe güni FİFA tarapyndan ýurda goýulan üç sany “10 ýyllyk gadagançylygyň” bes edilmeginden soň Günbatar Aziýa Futbol Federasiýasynyň turnirini geçirmek üçin özlerine ugradylan çakylygy kabul etdi.

Yragyň Futbol Federasiýasynyň metbugat sekretary Kamal Zahir “AFP-ä” beren beýannamasynda 12 arap ýurdunyň gatnaşmagynda geçiriljek turnire Yragyň ýer eýeçiligini etjekdigini tassyklap, ýurdunyň uly futbol bäsleşigini geçirmäge taýardygyny aýtdy.

Yrak 1990-njy ýyldaky Kuweýt urşundan bäri öz ýerinde halkara bäsleşiklerini geçirmedi.

Ýurda goýulan we ýurduň içindäki ähli basleşikleri öz içine alýan gadagançylyk ABŞ-nyň 2003-nji ýyldaky hüjüminden soň hem dowam etdi.


Etiketkalar: #Yrak , #turnir , #futbol

Degişli Habarlar