Ryza Kaýaalp altyn medalyň eýesi boldy

Kaýaalyp “Asyryň göreşçisi” çinine hem eýe boldy

962136
Ryza Kaýaalp altyn medalyň eýesi boldy

Russiýa Federassiýasynyň Dagystan Awtanomiýasynda geçirlen Ýewropa göreş çempionadynda grek- rim göreşi boýunça 130 kilogram agyrlykda bäsleşen Ryza Kaýaalp altyn medalyň eýesi boldy.

Kaspiýsk şäherinde geçirlen çempionanyn ikinji gününde milli türgen Ryza Kaýaalp grek- rim göreşi boýunça 130 kilogam agyrlykda rus Witaliý Çur bilen bäsleşdi.

Milli göreşçi Ýewropa çempionatlarynda yzly yzyna 9-njy gezek final bäsleşigine gatnaşdy.

Rus bäsdeşini 2-1 hasabynda ýeňmegi başaran Ryza Kaýaalp altyn medalyň eýesi boldy.

8-njy gezek Ýewropa çempiony bolan Kaýaalyp “Asyryň göreşçisi” çinine hem eýe boldy.

 

 



Degişli Habarlar