1-njy Halkara TRT Dokumental Film Baýraklaryna Ýüz Tutmalar Dowam Edýär

Gatnaşyjy şertlerine eýe bolan her bir adamyň tölegsiz ýüz tutmagyna açyk bolan bäsleşikde üstün çykanlara 2018-nji ýylyň 14-nji maýynda baýraklary gowşurylar

906092
1-njy Halkara TRT Dokumental Film Baýraklaryna Ýüz Tutmalar Dowam Edýär

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-den berilen beýanatda höwesjeň we hünärmen dokumental film prodýuserlerini goldamak maksady bilen 2009-njy ýylda başladylan TRT-niň Dokumental film baýraklaryna ýüz tutmalaryň dowam edýändigi habar berildi.

TRT-niň Dokumental film baýraklaryna geçen ýyl 78 ýurtdan 677 dokumental filmiň gatnaşandygy, finalist fimleriň Stambulda rejisýorlaryň söhbetdeşlikleriniň guralan görkezlişlerde sungaty söýjüleriň dykgatyna ýetirilendigi barada nygtalýan beýanatda, şu ýyl hem dokumental film baýraklaryna uly gyzyklanmanyň bolmagyna garaşylýandygy bellenilýär.

2018-nji ýylyň 16-njy fewralyna çenli ýüz tutmalary kabul edýän bäsleşikde geçiriljek alynky seçip alyşlaryň netijeleri 12-nji martda yglan ediler. Finala saýlanan filmler 2018-nji ýylyň 10-13-nji maýy aralygynda geçiriljek “TRT-niň Dokumental Film Günlerinde” tomaşaçylaryň dykgatyna hödürlener.

Gatnaşyjy şertlerine eýe bolan her bir adamyň tölegsiz ýüz tutmagyna açyk bolan bäsleşikde üstün çykanlara 2018-nji ýylyň 14-nji maýynda baýraklary gowşurylar.

Şu ýyl bäsleşigiň Milli hünärmen ugrunda 45 müň lira bolan iň ýokary baýrak, Talyp filmleri ugrunda 20 müň lira hökmünde kesgitlenen bolsa, Halkara bäsleşiginde iň başarjaň film baýragyna 10 müň ýewro baýrak beriler. Şeýle-de her bir ugur boýunça iki sany ýörite baýrak gowşurylar.

Bäsleşik üçin ýüz tutma formyny we giňişleýin maglumaty “www.trtbelgesel.jom” internet salgysyndan alyp bilersiňiz.



Degişli Habarlar