Mardine gelen syýahatçylaryň sany 105 göterim artdy

Taryhy şähere 2017-nji ýylda 20 müňi daşary ýurtly bolmak bilen jemi 232 müň syýahatçy  geldi

887512
Mardine gelen syýahatçylaryň sany 105 göterim artdy

Ynanç turizmi, taryhy we medeni gymmatlyklary bilen ünsleri özüne çekýän Mesopotamiýanyň hünjisi Mardine gelen syýahatçylaryň sany 2017-nji ýylda 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende 105 göterim artdy.

Metjitleri, medreseleri, buthanalary we taryhy öýleri bilen ünsleri özüne çekýän taryhy şähere 2017-nji ýylda 20 müňi daşary ýurtly bolmak bilen jemi 232 müň syýahatçy  geldi.

2016-njy ýylda bolsa şähere 5 müňi daşary ýurtly bolmak bilen 113 müň syýahatçy gelipdi.

Şeýlelikde 2017-nji ýylda şähere gelen syýahatçylaryň sany 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende 105 göterim artdy, daşary ýurtly syýahatçylaryň sany bolsa 400 göterim artdy.

 

 



Degişli Habarlar