Gadymy Assos şäherinde 1800 ýyllyk bürünç galam tapyldy

Çanakgalanyň Aýwajyk etrabynyň Behramkale obasynda ýerleşýän gadymy Assos şäherinde 1800 ýyllyk bolandygy çaklanylýan bürünç galam tapyldy

783797
Gadymy Assos şäherinde 1800 ýyllyk bürünç galam tapyldy

Gadymy döwrüň esasy port şäherlerinden biri bolan Assos Rim döwrüne degişli gadymy teatry, agorasy, nekropoly we diwarlary bilen esasy medeni mirasy bilen ünsleri özünde jemleýär.

Çanakgala 19-njy Mart uniwersitetiniň Tebigy ylymlar we edebiýat fakultetiniň Arheologiýa bölüminiň we Gadymy Assos şäheriniň gazuw-agtaryş toparynyň başlygy professor Nuretten Arslan 2017-nji ýyldaky gazuw-agtaryş işleriniň şäheriň günbtatar derwezesiniň golaýyndaky ýerler bilen kerwensaraý aýlandyrylýan binadaky gazuw işleri bilen dowam edýändigini aýtdy.

Arslan häzirki wagta çenli geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde möhüm tapyndylaryň ýüze çykarylandygyny nygtap; “Şu ýylky gazuw-agtaryş işlerinde arheologiýada “stilus” atlandyrylýan 1800 ýyllyk bürünç galan tapdyk. Tapylan galamyň bir tarapy inçe, beýleki tarapy ýassy. Bular şol döwürdäki ösümlik mumyndan ýasalan tabletleriň üssüne ýazyp, bellik etmek we hasaýyş işleri üçin peýdalanylan galamlar. Olara “stilus” diýilýär. Galamyň ýassy tarapy düzediş üçin peýdalanylýar. Ýagny häzirki döwürdäki pozguç ýaly” diýdi.

Arslan galamyň şol döwürdäki sowatly adamlar we talyplar tarapyndan hem peýdalanylandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar