Den Braunyň täze kitaby çapdan çykar

Amerikaly meşhur ýazjyzy Den Braunyň şol bir wagtda 13 dilde çap ediljek Başlangyç (Origin) atly täze romany 3-nji oktýabrda okyjylara höüdrlener

760470
Den Braunyň täze kitaby çapdan çykar

Başlangyç (Origin) romanynyň hekaýasy Ispaniýada geçýär.

Dünýäde iň köp satylan kitaplaryň arasyna giren we filmleri alynan kitaplaryň soňkusynda romanyň gahrymany Garward uniwersitediniň Simwolika boýunça professory Robert Langdonyň ýoly bu gezek Bilbao, Madrid, Sewilla we Barselona ýaly şäherlerden geçýär.

“Da Winçiniň paroly”, “Melekler we şeýtanlar”, “Sifrowoý gala”, “Hyýanat nokady”, “Ýiten alamat” we “Jähennem” kitaplaryndan soň çap ediljek “Başlangyç” roman Türkiýe, Braziliýa, Fransiýa, Italiýa, Ispaniýa, Şwesiýa, Daniýa, Gollandiýa, Norwegiýa, Portugaliýa, Polşa, Kataloniýa we Finlýandiýa ýaly ýurtlarda bir günde satuwa çykarylar.



Degişli Habarlar