Sport Toto ýokary ligada Beşiktaş çempion boldy

Beşiktaş jemi 74 bal bilen 2016-2017 möwsüminde çempionlygyny yglan etdi

740978
Sport Toto ýokary ligada Beşiktaş çempion boldy

 

Beşiktaş futbol komandasy Sport Toto ýokary liganyň 33-nji hepdesinde Gaziantepsporu 4-0 hasabyna ýeňdi we  ýokary liganyň tamamlanmagyna 1 hepde galanda jemi 74 bal bilen 2016-2017 möwsüminde çempionlygyny yglan etdi.

Jemi 15 gezek çempion bolan Beşiktaş komandas şeýlelikde 3-nji ýyldyzyny hem takdy.

Prezident R. T. Erdogan Beşiktaş futbul komandasynyň çempionlygyny Twitter arkaly gutlady.

Prezident Erdogan gutlag ýüzlenmesinde “Spor Toto ýokary ligada 2016-2017 Turgaý Şeren möwsüminiň çempiony bolan Beşikdaşy tüýs ýürekden gutlaýaryn”diýdi.

Prezident Erdogan bilen Premýer ministr Binali Ýyldyrym Beşiktaş klubynyň başlygy Fikret Ormana gutlag telegrammasyny ugratdy.

 



Degişli Habarlar