Türkmen türgeni bürünç medala eýe boldy

Boksçylaryň bäsleşiklerinde bolsa türgenlerimiz finala çykdy

735186
Türkmen türgeni bürünç medala eýe boldy

Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän, IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen türgenleri şu gün grek-rim göreşi boýunça bäsleşiklere girişdiler, olar bäsleşikleriň birinji güni bir bürünç medal aldylar. Boksçylaryň bäsleşiklerinde türgenlerimiz finala çykdy.

Göreş boýunça bäsleşiklerde hem-de 59 kilograma çenli agram derejede Seýdulla Tazaýew üçünji orny eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi we ýurdumyzyň ilkinji olimpiýa baýdagyny göterijisi Rozy Rejepowyň şägirdi çekeleşikli tutluşykda pakistanly türgen Pak Azhar Hussainden 10:8 hasabynda üstün çykdy.

Grek-rim göreşi boýunça ýaryşlar 18-nji maýda tamamlanar.Şu gün Türkmenistanyň toparyndan Şermet Permanow (75 kilograma çenli) bäsleşige çykar. Ertesi güni Geýdar Aliýew adyndaky toplumda erkin göreş boýunça ýaryşlar geçirilýär, onda biziň türgenlerimiz hem çykyş edýärler.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi ýedi medala—bir altyn, üç kümüş we üç bürünç medala eýe boldy. Bu görkeziji biziň toparymyza 
IV Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşýan toparlarynyň iň gowy 15-siniň hatarynda ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär.

Şu gün biziň ildeşimiz 56 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Ýakub Meredow boks boýunça bäsleşikleriň finalyna çykdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sabir Kseýhanowyň tälim berýän türgeni yrakly türgen Jafar Al-Sudaniden we iordaniýaly Muhammad Alwadiden ynamly üstün çykdy.

Ý.Meredow soňky tutluşyklaryň birinde eline çynlakaý şikes ýetirdi. Emma muňa garamazdan, ol 18-nji maýda altyn medal ugrunda güýç synanyşmaga taýýardyr.

Şu gün finalda 81 kilograma çenli agram derejesinde Arslanbek Açilow hem çykyş eder, ol şu gezekki Oýunlarda iň tiz ýeňiş bilen tapawutlandy: biziň ildeşimiz A.Koneden (Kot-d’ Iwuar) tutluşygyň ilkinji iki minudynyň dowamynda üstün çykdy. Düýn bolsa türkmen boksçysy- Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Olimpiada—2016-a gatnaşyjy türkiýeli türgen Sem Karlidagy ynamly ýeňmegi başardy. Altyn medal ugrunda bäsleşikde A.Açilow Azerbaýjanyň toparynyň wekili bilen duşuşar.

Biziň ýene bir ussat boksçymyz Horasan Imamkulyýew düýn ýarym final tutluşykda yrakly türgenden asgyn geldi we netijede bürünç medal bilen oňmaly boldy. (TDH)



Degişli Habarlar