Meşhur amerikan aktrisa Nikol Kidman Bodruma geldi

Kidmanyň myhmanhananyň açylyşyna gatnaşmak üçin 525 müň dollar alandygyny mälim boldy.

732665
Meşhur amerikan aktrisa Nikol Kidman Bodruma geldi

Mugla welaýatynyň Bodrum etrabyndaky myhmanhanalaryň biriniň açylyşyna gatnaşan Golliwudyň meşhur aktrisalarynyň biri bolan Nikol Kidman ol ýere gelen adamlaryň üns merkezinde boldy. 

Russiýadan, ABŞ-dan we Britaniýadan gelen sazandadyr tans toparlarynyň çykyşlary bilen açylyşy bolan myhmanhananyň hormatly myhmany Kidman gysgajyk söz sözläp Bodrumy örän halandygyny we ýakyn wagtda çagalary bilen bilelikde bu ýere geljekdigini habar berdi.

Golliwudyň iň garramaýan zenanlarynyň hatarynda bolan Nikol Kidman öňümizdäki aý 50 ýaşar.

Kidmanyň myhmanhananyň açylyşyna gatnaşmak üçin 525 müň dollar alandygyny mälim boldy.



Degişli Habarlar