Formula 1 ýaryşy Bahreýnde geçiriljek ýaryş bilen dowam eder

Formula 1 Dünýä çempionaty Bahreýnde geçiriljek möwsümiň 3-nji ýaryşy bilen dowam eder

712897
Formula 1 ýaryşy Bahreýnde geçiriljek ýaryş bilen dowam eder

Ýurdyň demirgazygyndaky Sakhir çölünde ýerleşýän 5412 metrlik Bahreýn halkara ýaryş ýolunda 57 gezek geçilip geçiriljek ýaryşyň sanawy şu gün Türkiýäniň wagty bilen sagat 18:00-da mälim ediler.

Ýaryş hem 16-njy aprelde şol sagatda başlar.

Awstraliýada geçirilen möwsümiň ilkinji ýaryşyny Ferrari toparyndan nemes sürüji Sebastian Wettel, Hytaýda geçirilen 2-nji ýaryşda Mersedes toparyndan Lewis Hamilton 1-nji bolupdy.

 



Degişli Habarlar