Dünýä kubogy ugrunda awtoýaryşlarda türkmen topary üçünji oruna eýe boldy

Russiýa Federasiýasynda awtosport boýunça “Ralli-reýd” görnüşinde dünýä Kubogynyň nobatdaky tapgyry tamamlandy

681637
Dünýä kubogy ugrunda awtoýaryşlarda türkmen topary üçünji oruna eýe boldy

Onda ussat sürüjilerimiz bürünç medaly gazanmagy başardylar. Ildeşlerimiz hereketlendirijisiniň sygymy 2,1 we 2,2 litre barabar bolan maşynlarda geçirilen ýaryşlarda şeýle üstünlige mynasyp boldular.

Ýaryşa Fransiýadan, Finlýandiýadan, Tunisden, Katardan, Saud Arabystanyndan, Polşadan, Slowakiýadan, Çehiýadan we beýlekilerden 12 topar gatnaşdy. “Russiýa-- Demirgazyk tokaýy 2017” ady bilen geçirilen bu ýaryşlar dünýäde ýeke-täk “garly” ýaryşlar bolup durýar. Onuň nusgawy ralli-reýdlerden esasy tapawudy aýlaw ýolundan ybaratlygydyr. Bu bolsa toparlaryň tehniki hyzmatynyň ýoluň bölekleriniň arasyndaky gatnawyny azaltmaga mümkinçilik berýär.

Türkmen toparynyň düzümine halkara derejesindäki iri ýaryşlara ençeme gezek gatnaşan tejribeli ussatlar Şamyrat Gurbanow bilen Gurbanberdi Daňatarow girdiler. Biziň awto sürüjilerimiz ýaryşda “Nissan-patrol” kysymly awtomobilde çykyş etdiler. Awtomobil sportunyň milli federasiýasynyň türgenleri örän az wagt tapawudy bilen ýer eýeleriniň wekillerinden (birinji orun) we Saud Arabystanynyň hem-de Fransiýanyň birleşdirilen toparyndan (ikinji orun) yza galdylar. (TDH)



Degişli Habarlar