Soltan Abdulhamidiň ömri barada serial TRT1-de ýaýlyma beriler

Paýtagt Abdulhamid 24-nji fewralda tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler

673602
Soltan Abdulhamidiň ömri barada serial TRT1-de ýaýlyma beriler

Imperiýanyň iň agyr ýyllarynda 33 ýyl tagtda oturyp “Uly Hakan” derejesini aldy.

Soltan Abdulhamidiň ömri barada serial TRT1-de ýaýlyma beriler.

Paýtagt Abdulhamid 24-nji fewralda tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler.

Wise-premýer Numan Kurtulmuş Kojaeli welaýatyndaky Seka Kino-film platosyna, serialyň surata alynýan ýerine baryp gördi.

Wise-premýer Numan Kurtulmuş: “Soltan Abdulhamid Hanyň obýektiw görnüşde türk jemgyýetçiligine tanadylmagy şeýle ähmiýetli serial arkaly gün tertibine getirilmegine bir tarapdan biziň ýakyn taryhymyza düşünmek ugrundaky tagallamyzyň bir bölegine öwrülmegi hökmünde garalmaly. Men pursatdan peýdalanyp TRT-ä köp sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

Wise-premýer Numan Kurtulmuş TRT-niň baş müdiri Şenol Göka bilen bilelikde Paýtagt Abdulhamit atly serialyň surata alynýan ýerine baryp gördi.

Kurtulmuşy serialyň oýunçylary garşyladylar.

Serial, oýunçylary bilen birlikde bezegi, egin-eşikleri we hakykatyny gözletmeýän ýerleri bilen ünsleri özünde jemlär.

 


Etiketkalar: #seriýal , #TRT , #Wise-premýer

Degişli Habarlar