Ali Şir Nowaýy doglan gününiň 576-njy ýylynda dabara bilen hatyralandy

Ali Şir Nowaýy doglan gününiň 576-njy ýylynda Özbegistanda dürli çäreler bilen hatyralanýar

670914
Ali Şir Nowaýy doglan gününiň 576-njy ýylynda dabara bilen hatyralandy

Özbek şahyry Ali Şir Nowaýy doglan gününiň 576-njy ýylynda dabara bilen hatyralandy.

Çagataý türk edebiýatynyn Şekspiri atlandyrylýan Ali Şir Nowaýy doglan gününiň 576-njy ýylynda Özbegistanda dürli çäreler bilen hatyralanýar.

Hatyralama çarelerinde okuwçylar goşgular okady, çykyşlary ýerine ýetirdi…

Nowaýynyň doglan gününe bagyşlanyp paýtagt Daşkendiň “Kemaliddin Behzat” atly ýadygärlik muzeýinde sergi açyldy.

Sergide Özbegistanyň meşhur suratkeşleriniň Ali Şir Nowaýynyň eserleri boýunça ýasan minýaturalary we çeken suratlary görkezilýär.

Ali Şir Nowaýy ýaşan döwrünin ylmy we medeni durmuşynyň ösmegine uly goşant goşup, şahyrlygy bilen birlikde döwlet adamy hökmünde-de 300-den gowrak metjit, medrese we kompleks gurduryp, öçmejek yz galdyrypdyr.

 

 



Degişli Habarlar