Mowlana muzeýine 2 million 429 müň 31 syýahatçy gelip gördi

Muzeýe 2014-nji ýylda 2 million 89 müň 41 syýahatçy gelen bolsa 2015-nji ýylda şol san 2 million 571 müň 267 adama ýetdi

643335
Mowlana muzeýine 2 million 429 müň 31 syýahatçy gelip gördi

Konýada Möwlana Jelaleddin Ruminiň türbediniň ýerleşýän ýeri bolan Mowlana muzeýine 2016-njy ýylda ýerli we daşary ýurtly 2 million 429 müň 31 syýahatçy gelip gördi.

Möwlana muzeýine gelýän syýahatçylaryň sany gün saýyn köpelýär.

Muzeýe 2014-nji ýylda 2 million 89 müň 41 syýahatçy gelen bolsa 2015-nji ýylda şol san 2 million 571 müň 267 adama ýetdi.

Konýa welaýatynyň  Medeniýet we syýahatçylyk müdüri Abdüssettar Ýarar Möwlana muzeýine 2016-njy ýylda müňlerçe adamyň gelip görendigini nygtady.

Abdüssettar Ýarar “Möwlana muzeýi şu ýyl syýahatçylaryň sany taýdan Topgapy we Aýasofýa muzeýiniň öňüne geçdi we Türkiýedäki muzeýleriň arasynda birinji orny eýeledi” diýdi.


Etiketkalar: #Konýa , #Möwlana , #muzeý , #görmek

Degişli Habarlar