Ýazyjylar “Agdarlyşyga garşy duran galamlar” atly kitap ýazarlar

184 sahypadan ybarat boljak kitap mugt paýlanar

620793
Ýazyjylar “Agdarlyşyga garşy duran galamlar” atly kitap ýazarlar

Türkiýäniň Ýazyjylar bileleşigine agza 50 ýazyjy 15-nji iýuldaky we ondan soň bolan wakalary suratlandyryljak “Agdarlyşyga garşy duran galamlar” atly kitap ýazýarlar.

Kitapda Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDY-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygy we ol gije bolup geçenler ussat ýazyjylaryň kömegi bilen geljek nesillere ýetiriler.

Kitapda Anadoly habarlar gullugynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygy bilen baglanşykly ähli suratlar hem ýerleşdiriler.

184 sahypadan ybarat boljak kitap mugt paýlanar.



Degişli Habarlar