TRT World Prezidentiň kompleksinde dabaraly ýagdaýda tanyşdyryldy

“TRT Worldiň Türkiýäniň dünýä açylýan penjiresi boljakdygyna ynanýaryn"

611588
TRT World Prezidentiň kompleksinde dabaraly ýagdaýda tanyşdyryldy

 

Türkiýäniň iňlis dilinde ýaýlym berýän ilkinji halkara habar kanaly TRT World Prezidentiň kompleksinde dabaraly ýagdaýda tanyşdyryldy.

TRT Worldyň tanyşdyrylyş gijesine syýasatçylar,  daşary ýurtlylaryň wekilleri, sportçylar we sungat ussatlary bilen birlikde TRT-niň işgärleri gatnaşdy.

Myhmanlar ilki TRT-niň tanyşdyrylyş filmine tomaşa etdi, TRT-niň Baş müdüriniň orunbasary İbrahim Eren TRT World hakynda giňişleýin maglumat berdi.

Fetullahçy terror guramasy FETÖ tarapyndan 15-nji iýulda guralan agdarlyşyk synanşygynda TRT Worldiň beren ýaýlymlary hakynda gysga dokumental film görkezildi.

Prezident Erdogan tanyşdyrylyş gijesindäki çykyşyna “TRT-ä we TRT Worldyň maşgalasyna ýaýlymlarynda üstünlik arzuw edýärin” diýip başlady.

TRT Worldyň öz ugry boýunça esasy boşlygy doldurjakdygyna ynanýaryn diýen Prezident Erdogan, “TRT Worldiň şygarynda beýan edişi ýaly hakykatdan hem Türkiýäniň dünýä açylýan penjiresi boljakdygyna ynanýaryn. TRT Worldiň täze dil bilen hekaýany ýaňadandan düşündirmek, mikrafony we kamerany görülmeýänlere uzatmek maksadyna uly goldaw berýärin”diýdi.

FETÖ-niň agdarlyşyk synanşygy netijeli bolan halatynda daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň agdarlyşygy legallaşdyrmak üçin işe girişjekdigine ünsi çeken Erdogan, DAIŞ-e garşy göreşýän, ýüzlerçe raýatyny guramanyň gan döküşikli hüjümlerinde ýitiren Türkiýäniň şol media guramalarynyň gara propagandasy ýagdaýyna gelendigine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan TRT Worlde uly jogapkärçiligiň düşýändigini aýratyn belledi.

Wise-premýer Numan Kurtulmuş hem TRT-niň 13 telewideniýe kanaly, 16 radio kanaly, 5 žurnaly, 41 dildäki we dialektdäki web we radio ýaýlymlary, 13 ýurtdaky wekilhanalary bilen Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy hökmünde parlaýan ýyldyz bolmaga dowam edýändigini aýtdy.

TRT-niň Baş müdüri Şenol Göka hem ýaýlym strategiýalary barada durup geçdi.

Şenol Göka Türkiýäniň we türk ynsanyny diňe iňlis dilinde däl eýsem başga dillerde hem bütin dünýä ýetirmek isleýändiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar