Halkara Tähran gysga metražly kino film festiwaly dowam edýär

Festiwalyň çäginde 41 ýurtdan 100 kino film görkeziler

607197
Halkara Tähran gysga metražly kino film festiwaly dowam edýär

Tähranda geçirilýän 33-nji Halkara Tähran gysga metražly kino film festiwaly dowam edýär.

Festiwalyň çäginde 41 ýurtdan 100 kino film görkeziler.

Festiwalyň başlygy Ferid Ferhunde Kiş festiwala gatnaşmak üçin 117 ýurtdan 3668 filmiň ýüz tutandygyny emma festiwalyň çäkli bolmagy sebäpli diňe 100 filmiň saýlanyp alynandygyny aýtdy.

Halkara Tähran gysga metražly kino film festiwalyna Türkiýede kino režisýort Zuhre Erdogan Abanozyň “Geşmiş” we Ýunus Namazyň “Bigünäniň ölümi” atly filmleri gatnaşýar.

Kino film festiwaly 14-nji noýabra çenli dowam eder.

 



Degişli Habarlar