“Meniň şäherim, Meniň ýurdum” atly dokumental film şu gün TRT Worlda ýaýlyma berler

Mesele hakynda TRT World tarapyndan beýanat berildi

597669
“Meniň şäherim, Meniň ýurdum” atly dokumental film şu gün TRT Worlda ýaýlyma berler

Fetullahçy terror guramasynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyny Stambully ýaş zenanyň gözünden gürrüň berýän “Meniň şäherim, Meniň ýurdum” atly dokumental film şu gün TRT Worlda ýaýlyma berler.

Mesele hakynda TRT World tarapyndan beýanat berildi.

TRT World tarapyndan ýörite taýarlanan gysga dokumantal filmde Stambulda ýaşaýan “Gonjagül” atly ýaş zenan agdarlyşyk synanşygy gijesinde başdan geçiren wakalaryny telefony arkaly surata düşüren wideo ýazgylary bilen gürrüň berýär.

Dokumantal film şu gün sagat 19:30-da ýaýlyma berler.

Dokumantal filme TRT Worldyň www.trtworld.com salgysyndan we TRT Worldyň Youtube kanalyndan hem tomaşa edip bilersiňiz.

 

 



Degişli Habarlar